Balkan welaýatynda MHM we döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri ilatyň arasynda öwüt-nesihat işlerini geçirip, welaýatlylardan Russiýada zähmet çekýän we okaýan garyndaşlaryna Ukrainadaky urşa goşulmazlyk hakda duýdurmagy soraýarlar.
Güýç edaralaryň we ýerli migrasiýa gullugynyň işgärleriniň düşündiriş işleri Balkanabat şäherinde, Bereket we Gyzylarbat şäherlerinde, hususan-da geçen şenbe güni geçirilipdir.
Bu ýagdaýdan gönüden-göni habarly çeşmeleriň sözlerine görä, resmileriň üns merkezine düşen raýatlar bir ýyldan köp wagt bäri Russiýada galýan we birnäçe ýyl bäri şol ýurtdan Türkmenistana gelip-gitmedik türkmenistanlar. Olaryň ýakynlary etraplaryň häkimliklerine çagyrylyp, ýygnaklara gatnaşdyrylypdyr we Russiýada galýan balkanlylar barada jikme-jik maglumatlar we telefon belgileri alnypdyr.
Degişli maglumat Balkanda býujetçiler migrant garyndaşlary sebäpli basyşa sezewar bolýar, lebaplylar Russiýa goýberilmeýär"Häzirlikçe Russiýada galýan raýatlarymyz iki topara bölünýär. Birinji toparyna 5-10 ýyl bäri ýurda dolanmadyklar girýär. Ikinjisine, bir ýyldan artyk Russiýada galýanlar bar we biz olaryň maşgala agzalaryny çagyryp, maglumat almak we olaryň Ukrainadaky urşa Russiýa tarapynda gatnaşmazlygy üçin çäre görýäris" diýip, balkanly çeşme aýdýar.
Bu ündew-nesihat işleri Russiýanyň ýaragly güýçleriniň hatarynda Ukrainada söweşýän merkezi aziýalylaryň arasynda Türkmenistanyň onlarça raýaty baradaky habarlaryň yzýanyna gabat geldi.
Ukrainanyň ýesirler bilen aragatnaşyk boýunça geňeşiniň ýanyndaky "Ýaşamak isleýärin" atly proýektiň 12-nji awgustda çap eden habaryndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň müňden gowrak raýatynyň şertnamalary gutarandan soň Ukrainada Russiýanyň tarapynda söweşýändigi we olaryň arasynda Türkmenistanyň 68 raýatynyň bardygy mälim boldy.
Balkan welaýatynyň kanun goraýjy edaralaryna ýakyn çeşme soňky günlerde ýerli ilat arasynda geçirilýän ündew işlerini "ýokardan gelen buýruk" bilen düşündirdi.
"Ýokardan gelen dilden tabşyryk esasynda daşary ýurtdaky, hususan-da Russiýadaky raýatlarymyzy ýurda gaýtarmak we olaryň Ukrainadaky urşa goşulmagynyň öňüni almak maksadyna eýerýäris" diýip, çeşme aýtdy.
Çeşme rus hökümetiniň bikanun migrantlary saklap, olary mejburlap Ukrainadaky urşa ugratmak ähtimallygynyň uludygyny belläp, munuň Russiýada galýan müňlerçe türkmen raýatyna uly töwekgelçilik döredýändigini belledi.
"Russiýada müňlerçe türkmenistanly bikanun ýaşap, işläp ýör. Russiýa tarapy türkmenlere güýç ulanyp, ýa-da raýatlyk bermek wadasy bilen olary urşa alyp bilýär. Şeýle ýagdaýlaryň bolýandygy hiç kime syr däl. Şol sebäpli watandaşlarymyz ýurda dolanmakda kynçylyk çekýän bolsa, biz olar barada maglumatlary ilçihanalarymyza ugratsak, olara ýardam bolardy we olar sag-aman dolanardy" diýip, balkanly çeşme aýdýar.
Türkmenistandaky agyr işsizligiň arasynda türkmen raýatlary daşary ýurtlara, şol sanda Russiýa köpçülikleýin gidýärler. Şeýle-de, Russiýa işlemäge baran türkmenistanlylaryň Moskwanyň Ukrainadaky urşuna hakyna tutma gatnaşýandygy barada maglumatlar gitdigiçe köpelýär.
Degişli maglumat Balkanda öňki ofiserleriň biometriki pasportlary ellerinden alnyp, olara Russiýanyň Ukraina garşy urşuna gatnaşmazlyk tabşyrylýarTürkmenistanyň ýolbaşçylary bu meseläni resmi derejede açyk agzamasalar-da, türkmen häkimiýetleri dürli bahanalar bilen Russiýa barýan raýatlaryň öňüni baglaýarlar. Şol sanda harby ofiserler häkimlige çagyrylyp, olaryň biometriki pasportlary ellerinden alyndy we olara Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşuna gatnaşmazlyk tabşyryldy.
Balkan welaýatynyň kanun goraýjy edarasyndaky ynamdar çeşme ýanwar aýynda Azatlyga beren maglumatynda bu çäreleri “öňki türkmen ofiserleriniň Russiýanyň Ukrainadaky urşuna çekilmegi bilen baglanyşykly hadysalaryň anyklanandygy” bilen düşündiripdi.
Türkmenistandan Russiýa syýahat edýän türkmenistanlylaryň sany 2025-nji ýylyň başyndan bäri esli azalypdyr. Russiýanyň Federal Howpsuzlyk Gullugyna salgylanyp rus metbugatynda çap bolan maglumata görä, şu ýylyň ýanwar-mart aýlary aralygynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Türkmenistandan Russiýa syýahata baranlaryň sany 41% azalyp, 9 müň 290 adama deň bolupdyr.
Degişli maglumat 2025-nji ýyyň 1-nji çärýeginde Russiýa syýahat eden türkmenistanlylaryň sany 41% azaldyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.