Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

DT: 'Taliban' häkimiýetiniň dört ýyllygynyň fonunda owgan türkmenleri bosgunlykda syýasy partiýa döretdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany asly owganystanly etniki türkmenleriň bosgunlykda täze syýasy partiýa esaslandyrmagyna gönükdirilýär we soňky täzeligiň fonunda bu ýurtda ýaşaýan türkmen azlyklarynyň meselelerine çyra tutmaga çalyşýar.

Illýustrasiýa suraty. Demirgazyk Owganystan. Arhiwden alyndy.
Illýustrasiýa suraty. Demirgazyk Owganystan. Arhiwden alyndy.

Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany asly owganystanly etniki türkmenleriň bosgunlykda täze syýasy partiýa esaslandyrmagyna gönükdirilýär we soňky täzeligiň fonunda bu ýurtda ýaşaýan türkmen azlyklarynyň meselelerine çyra tutmaga çalyşýar.

Türkmen dilli bir owgan neşiri awgustyň birinde hepdesinde Owganystanda esasan etniki türkmenleriň syýasy işjeňligini nazarlaýan Milli Adalat partiýasynyň esaslandyrylandygyny habar berdi.

Bu waka Owganystanda “Talyban” toparynyň Kabulda häkimiýeti ele geçirmeniň dördünji ýyl dönüminiň öňüsyrasyna gabat geldi.

Metbugat habarynda Milli Adalat partiýasynyň esaslandyryjylarynyň we öňde baryjy agzalarynyň ýygnagynda düşürilen we, görnüşinden, Stambulda geçirilen ýygnakdan bir pursaty görkezýän surat paýlaşyldy.

“Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti ilkibaşda häkimiýet başyna gelende sebit ýurtlary tarapyndan inklýusiw, ýagny owgan jemgyýetiniň esasy gatlaklarynyň wekillerini, şol sanda etniki azlyklary öz içine alýan hökümeti esaslandyrmaga çagyryldy. Ýöne geçen döwrüň dowamynda “Taliban” häkimiýeti inklýusiw hökümeti döretmezlikde, galyberse-de, ynsan hukuklaryny, şol sanda aýallaryň hukuklaryny basgylamakda tankyt edildi.

“Taliban” hökümeti özüniň häkimiýet başyna gelmeginiň dördünji ýyl dönüminiň bosagasynda Russiýa tarapyndan ykrar edildi, ýöne halkara jemgyýetçiligi tarapyndan şu wagta çenli ykrar edilmeýär.

Eýsem, etniki türkmenleriň Owganystanda döreden syýasy partiýasy öz öňünde nähili maksat goýdy? Owganystanda raýatlaryň syýasy azatlyklaryny berjaý etmekde nähili päsgelçilikler bar? Bu ýurtda ýaşaýan türkmen diasporasy täze partiýanyň esaslandyrylmagyny nähili garşylady? Näme üçin bu partiýanyň ilkinji duşuşygy Stambulda geçirildi? Ankara Owganystanda ýaşaýan türki azlyklar boýunça nähili syýasat alyp barýar?

Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany şeýle soraglardan ugur alyp, Owganystanda etniki türkmenleriň täze syýasy partiýa esaslandyrmagyna gönükdirilýär we soňky täzeligiň fonunda bu ýurtda ýaşaýan türkmen azlyklarynyň meselelerine çyra tutmaga çalyşýar.

Gepleşigimize ABŞ-da ýaşaýan asly owganystanly türkmen žurnalisti Şamerdanguly Myrady gatnaşýar.

DT: 'Taliban' häkimiýetiniň dört ýyllygynyň fonunda owgan türkmenleri bosgunlykda syýasy partiýa döretdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG