Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylyň Goranmak ministri Gaza şäherine hüjüm meýilnamasyny tassyklady


Palestinalylar
Palestinalylar

Ysraýylyň Goranmak ministri Israel Katz Gaza şäherine ediljek hüjümiň meýilnamasyny tassyklady diýip, döwlet teleýaýlymy Kan, Ynet we “The Times of Israel” habar berýär.

Bu operasiýa "Gideon II söweş arabalary" diýlip atlandyrylýar we ätiýaçlyga çykan esgerleriň mobilizlenmegine garaşylýar.

“The Times of Israel”, howpsuzlyk gullugynyň çeşmelerine salgylanyp, ätiýaçlyga çykan esgerleriň takmynan 60,000 sanysynyň çagyryş buýruklaryny almalydygyny ýazýar.

Israel Katz ätiýaçdaky esgerleri çagyrmakdan başga, Gaza şäherinden zolagyň günortasyna göçürilmeli bir million töweregi palestinaly raýat üçin "ynsanperwerlik taýynlyklaryny" hem tassyklady. Operasiýa tamamlanandan soň, "Gaza daşky görnüşini üýtgeder we mundan beýläk öňküsi ýaly bolmaz" diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG