Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bloomberg: 10 töweregi ýurt Ukraina goşun ibermäge taýyn


Ukraina üçin howpsuzlyk kepilliklerini işläp düzjek iş toparyna ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio ýolbaşçylyk edýär
Ukraina üçin howpsuzlyk kepilliklerini işläp düzjek iş toparyna ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio ýolbaşçylyk edýär

10 töweregi ýurt, parahatçylyk ylalaşygynyň çäginde, öz goşunlaryny Ukraina ibermäge taýýar diýip, “Bloomberg” öz çeşmelerine salgylanyp ýazdy.

Habar gullugynyň maglumatyna görä, ýewropaly resmiler 19-njy awgustda, sanyny we ýerleşdirilmegini hem goşmak bilen, britan we fransuz goşunlaryny Ukraina ibermek meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Angliýanyň hökümeti Ýewropanyň harby işgärleriniň ýakyn günlerde ABŞ-ly kärdeşleri bilen duşuşyp, "ynamdar howpsuzlyk kepilliklerini we söweş hereketleri bes edilen halatynda goldaw güýçleriniň ýerleşdirilmegine taýýarlyk görülmegini" anyklaşdyrjakdyklaryny aýtdy.

“Axios”, çeşmelere salgylanyp, Ukraina üçin howpsuzlyk kepilliklerini işläp düzjek iş toparyna ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubionyň ýolbaşçylyk edýändigini ýazýar.

"Öňümizdäki günlerde hemmeler daň atanyndan gün ýaşýança howpsuzlyk kepillikleri üstünde işlärler. Belki, hepdäniň ahyryna çenli aýdyň bir arhitektura peýda bolar" diýip, ukrain resmisi neşire aýtdy.

XS
SM
MD
LG